«Fitch Ratings» halkara agentligi 2022-nji ýyl boýunça hasabatyny çap etdi. Şoňa laýyklykda, agentlik Türkmenistana ykdysady ösüşiniň durnuklylygyny tassyklaýan, uzakmöhletleýin çaklama esaslanýan «B+ durnukly» derejesini berdi. Ählumumy derejede dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, halkara reýting agentligi Türkmenistana ikinji gezek şeýle bahalandyrma berdi.
Agentligiň resmi saýtynda beýan edýän maglumatlaryna laýyklykda, Türkmenistan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän we dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň biridir. Häzirki wagtda Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly iri halkara maliýe guramalary we institutlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar.
«Fitch Ratings» agentligi Durnuklaşdyryş gaznasynyň aktiwleriniň durnuklydygyny kesgitledi. Munuň subutnamasy hökmünde 2022-nji ýylyň ýedi aýynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ykdysady ösüşi düýpli ýokarlandy, jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,1 göterim derejede saklandy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Şeýle-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň oýlanyşykly maýa goýum, ykdysadyýet-maliýe, salgyt-býujet, pul-karz, sanly ykdysadyýet, döwlet eýeçiliginiň emläklerini hususylaşdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak syýasaty hem wajyp orun eýeleýär.